Esengulynyň çeper elli halyçylary ýokary ösüşleri gazanýarlar


21.02.2024

Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan, halkymyzyň gadymdan gelýän milli senedi bolan halyçylygy ösdürmäge döwletimiz tarapyndan hemişe aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda bitirilýän guwandyryjy işler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

Türkmeniň bu inçe senedini ömürlik kesp-kär edinip, ykbalyny oňa baglan zähmetsöýer balkanly halyçylar hem döwletimiziň özleri barada, halkymyz hakynda edýän taýsyz tagallalaryna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen jogap berýärler. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçy gelin-gyzlarynyň ýylyň-ýylyna gazanýan ýokary önümçilik görkezijileri hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, mährem ene-mamalarymyzyň, nurana gelin-gyzlarymyzyň çäksiz yhlas-zehini, bimöçber buýsanjy bilen taýsyz sungat derejesine göterilen türkmen halylaryna, haly-palas önümlerine owal-ahyr baky könelmezlik bagty ýazylypdyr. Şu aýdyň hakykata gürrüňi edilýän çeper halyçylyk kärhanasynda dokalýan nepis halylary synlanyňda hem magat göz ýetirýärsiň.

Bu ýerde ynsan eli bilen döredilýän gözellikleriň iň kämili hökmünde bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolan türkmen halysynyň şan-şöhratyny artdyrmakda, ony halkara möçberinde täze belentliklere götermekde taryhy ähmiýetli belent ösüşler gazanylýar. Tejribeli halyçy gelin-gyzlaryň dokaýan nepis haly we haly önümleriniň ählisem alyjylar tarapyndan uly islegdir höwes bilen alynýar. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýylyň geçen ýanwar aýynda hem bu ýerde dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleriniň 130 inedördül metrden gowragy dokalyp, degişli meýilnama artygy bilen berjaý edildi. 

Häzirki wagtda esengululy halyçylar gadymdan galan nusgalary dikeltmekde, halylara döwrebap öwüşgin berip, täze-täze nagyşlary, gölleri döretmekde öz zehinlerini, ussatlyklaryny gaýgyranoklar. Şu günlerde hem çeper elli halyçylar sargytlar esasynda täze görnüşli ýokary hilli halylary dokap, olary öz wagtynda ýetişdirmek üçin has-da döredijilikli, tutanýerli zähmet çekýärler.