Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük, buýan köki, dikeldilen süýüm we nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 16 million dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 33 million 596 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, ýorgan-düşek daşlyklaryny, float aýnasyny, nah ýüplügi, el halylaryny satyn aldylar.
Copyright © 2024 | Ähli hukuklar goragly