«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň zähmetsöýer halyçylary ene-mamalarymyzdan gelýän bu gadymy hünäre yhlas edip, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri 3 müň 36 inedördül metr haly dokamaklygyň hötdesinden geldiler.
Bu bolsa 4 aýlyk meýilnamanyň artygy bilen amal edilendigini, önüm öndürmek boýunça ösüş depgininiň 111 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar. Ýeri gelende Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň ýurdumyzyň iň iri halyçylyk kärhanasydygyny, bu ýerde çeper elli halyçy gelin-gyzlaryň bir müň 600-den gowragynyň zähmet çekýändigini belläp geçmek möhümdir. Etrabyň Güýçbirleşik geňeşliginiň çäginde kärhananyň täze haly önümhanasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen bu ýerde önüm öndürilişiniň ep-esli ýokarlanandygyny bellemek buýsançlydyr. Çeper elli halyçylaryň 100-siniň zähmet çekýän täze haly önümhanasynda täze döwrebap haly dokalýan enjamlaryň 12-si bolup, bu ýerde birbada dürli ölçegdäki 12 halyny dokamaklyga mümkinçilik döredilipdir.
Ene-mamalarymyzyň zehin-yhlasyndan kemal tapan, nesillere bahasyna ýetip bolmajak medeni miras hökmünde gelip ýeten türkmen halyçylyk sungaty dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidir. Türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 2019-njy ýylyň dekabr aýynda geçirilen 14-nji mejlisiniň dowamynda «Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny» Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karary bolsa, milli mirasymyza, çeper elli zenanlarymyzyň asyrlar boýy çeken zähmetine dünýä derejesinde goýulýan belent sarpadyr.
Häzirki wagtda halkymyzyň medeni özboluşlylygyny şöhlelendirýän, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegi bolan halyçylyk sungatynyň ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Öz köklerini gadymyýetiň çuňlugyndan alyp gaýdýan, halkymyzyň taryhyny, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän, berkligi, nepisligi, gözelligi babatda dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen halylary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze röwüşe eýe boldy. Milletiň milli ruhuny, türkmen zenanynyň kalbynyň owazyny, ajaýyp türkmen tebigatyny şöhlelendirýän halyçylyk sungatynyň gadymy nusgalary bilen birlikde bagtyýar zamanamyzyň belent ruhuny, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerini, Diýarymyzyň gün-günden özgerýän nurana keşbini açyp görkezýän nusgalar döredilýär, dürli ölçegdäki we görnüşdäki halylar dokalýar.
Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda adaty ölçegdäki halylar bilen birlikde täze nusgadaky göller çitilen äpet halylaryň, binalaryň ölçeglerine görä tegelek, sekizburç, nal şekilli, trapesiýa görnüşindäki halylaryň dokalmagy ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamalarydyr. Kärhanada milli mirasymyzyň gymmatlyklary – horjun, zenanlaryň ýantorbasy, gapylyklar we beýleki dürli görnüşli sowgatlyk haly we haly önümleri dokalyp, alyjylara hödürlenýär. Kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bir inedördül metr ölçegde Magtymguly Pyragynyň haly-portretleriniň ençemesiniň dokalandygyny hem aýdyp geçmek buýsançlydyr. Bu bolsa Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň ezber elli halyçylarynyň döwür bilen deň gadam urýandyklarynyň buýsançly mysalydyr. Gazanylýan üstünlikler halaçly ussat halyçylaryň Türkmen halysynyň baýramyna mynasyp sowgatdyr.
Copyright © 2024 | Ähli hukuklar goragly