Balkan welaýatynda pilä ideg işleri jemleýji tapgyrda barýar


22.05.2024

Milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, ony hil taýdan täze derejelere çykarmak Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň esasyny tutýar. Belent maksatlary özünde jemleýän şeýle işleriň çäklerinde gymmatly önüm bolan piläniň öndürilişini artdyrmak, ýüpekçilik pudagynda öndürijilikli zähmeti höweslendirmek işlerine uly üns berilýär.

Bu ugurda döwlet derejesindäki tagallalardan ruhlanan Günbatar sebitiň pileçileri şu ýyl bol pile hasylyny ýygnap, ýokary üstünlikleri gazanmagy maksat edinýärler. Has takygy, olar şu ýyl 25 tonna pile taýýarlap, döwlete tabşyrmagy meýilleşdirýärler. Hut şonuň üçinem Balkan welaýatynyň tebigy şertlerine uýgunlaşan, ýokary hilli önüm berýän sagdyn gurçuk tohumynyň 685 gaby tejribeli ýüpekçilere öz wagtynda degişli şertnamalar esasynda paýlanyp berildi.

Magtymguly etrabynyň pile kabul ediş we guradyş bölümi bilen şertnama baglaşan ýüpekçiler netijeli zähmet çekip, boýun alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etjekdiklerine pugta ynanýarlar. Günbatar sebit boýunça öndüriljek 25 tonna piläniň 20 tonnasy Magtymguly etrabynyň ýüpekçileriniň paýyna düşýär. Şonuň ýaly-da Gyzylarbat etrabynyň ýüpekçileri dört tonna, Bereket etrabynyň pileçileri bir tonna pile öndürmäge borçlanýarlar.

Şu günlerde hem balkanly pileçiler ýüpek gurçuklaryna göwnejaý ideg işlerini jemleýji tapgyrda gowşamaýan depginlerde dowam etdirýärler. Iýmitlendiriş otagynyň ýylylyk, çyglylyk, ýagtylyk derejesiniň hem-de howanyň çalşygynyň kadaly üpjün edilmegi oňyn netijeleri berýär. Ussat hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, ýüpek gurçugynyň Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen tohumlary şu ýyl hem şowly çykypdyr. Bu tohumlar ählitaraplaýyn ygtybarlylygy, önüm berijiligi, şol sanda kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokarylygy bilen tapawutlanýar.

Häzirki wagtda balkanly ýüpekçileriň çekýän tutanýerli zähmeti-de, olaryň ýetip gelen hasyl möwsüminde oňat önümçilik görkezijilerine mynasyp boljakdyklaryna güwä geçýär.