Şu ýylyň ýüpek pilesiniň hasylyny gaýtadan işlemäge girişildi


18.06.2021

Aşgabatdaky ýüpek egriji kärhanada tuduň ýüpek gurçugynyň pilesini gaýtadan işlemäge girişildi. Kärhananyň işçileri çig maly saýlap alanyndan soňra, ýüpek egriji sehde alnan süýümler saralýar, galyndylar bolsa gaýtadan işlenilýär.

Işiň köp bölegi awtomatlaşdyrylan. Ýüpek egriji awtomatda ýüpek pilesi çözülýär, ýüpek sapagy bolsa tigirçek-çarhlara saralýar, wakuum apparatda öllenenden soňra, diametri 1,5 metr bolan has uly çarhlara saralýar.

Günüň dowamynda kärhanada bir ýarym tonna golaý ýüpek çig maly gaýtadan işlenilýär. Bir ýüpek pilesinden ortaça uzynlygy 600-800 metra golaý ýüpek sapagy alynýar. Taýýar ýüplükler Aşgabatdaky panbarhat öndüriji kärhana ugradylýar. Şeýle-de Türkmenistanda ýüpekden el halylary, ýaglyklar we haly torbalary taýýarlanylýar. Aşgabatdaky ýüpek egriji kärhana 1928-nji ýyldan bäri hereket edýän gadymy dokma kärhanalaryň biridir. Kärhananyň önümleri Eýrana, Hytaýa, Türkiýä ugradylýar.