Daşoguzdaky “Çeper” fabrigi 5,3 million manatdan gowrak tikin önümlerini çykardy


21.06.2021

Daşoguzdaky “Çeper” tikinçilik fabrigi 2021-nji ýylyň ýanwaryndan bäri 5 million 355 müň manatlyk önümleri çykardy. Önümçiligiň depgini senagat, oba hojalyk we gurluşyk, lukmançylyk kärhanalarynyň we guramalarynyň, şeýle-de döredijilik işgärleriniň, ýurdumyzyň Serhet we Goranmak ministrliginiň buýurmalarynyň hasabyna artdy. Kärhanada harytlaryň köp bölegi buýurma esasynda taýýarlanyp, olar esasan, uniforma, iş eşikleri, harby lybaslar, sahna geýimleridir.

Şeýle-de kärhana çaga eşiklerini we ýorganlary öndürýär. Ähli harytlar halk köpçüliginde uly gyzyklanmadan peýdalanýar. Kärhanada harytlaryň 200-e golaýy öndürilip, ýurdumyzyň ähli künjeginde hereket edýän Dokma senagaty ministrliginiň dükanlaryna ýerlenilýär.

Kärhana Türkiýede, Ýaponiýada, Germaniýada we Hytaýda öndürilen ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. 2020-nji ýyldan başlap, kärhanada gorag örtükleriniň we mekdep portfelleriniň önümçiligi ýola goýuldy.