Biziň kombinatymyz hakynda

S.A.Nyýazow adyndaky nah mata kombinaty

About

    

    Türkmenistanyň  Dokma  senagaty  ministrliginiň  garamagyndaky  Aşgabadyň  S.A. Nyýazow  adyndaky  nah  mata  kombinaty.

    

      Nah mata kombinatynda işiň esasy görnüşi önümçilik bolup ol häzirki wagtda 3 görnüşden, ýagny Dokma, Jorap, Sintepon önümçiliginden ybarat bolup durýar.

 

      Dokma önümçiliginiň ortaça ýyllyk kuwwatlylygy 4 169 müň inedördül metr bolup, nah ýüplükden biz mata, gaplama nah mata, hasa ýaly görnüşlerini dokaýar. 


      Jorap önümçiliginiň ortaça ýyllyk kuwwatlylygy 2 500 müň jübit bolup, erkek adamlar üçin, aýallar üçin hemde çagalar üçin jorap önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýär. 


     Sintepon önümçiliginiň ýyllyk kuwwatlylygy 1 440 müň p/m bolup, ini 1,5 metr bolan LN-3 kysymly sintepon önümlerini öndürmek üçin niýetlenen.

Taryhy maglumat

      "Ak altynyň" mekany bolan Türkmenistanda pagtany işläp ondan nah mata önümlerini öndürmek boýunça Orta Aziýa ýurtlarynda iň uly kärhananyň düýbüni tutmak hakyndaky karar 1922-nji ýylyň 6-njy oktýabyrynda kabul edilip, 1924-nji ýylyň dekabr aýynda "Türkmenmanufaktura" tresti döredilip Aşgabadyň egirme we dokma fabriginiň gurluşyk işleri 1927-nji ýylyň mart aýynyň 25-ne ilkinji daşyny guýmak bilen başlanypdyr. Türkmenistanyň Dokma senagatynyň ilkinji kärhanasy 1929-njy ýylyň 19-njy noýabrynda dabara bilen açyldy. Bu kärhana şol döwrüň öňdebaryjy tehnologik enjamlary bilen üpjün edilipdir. 1946-1947-nji ýyllarda bu fabrigiň ösüş depgini 20-22% göterime deň bolup, pagta önümleriniň täze görnüşleri çykaryldy. Ýöne 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabyryndaky ýer titremesiniň ýetiren zyýany Aşgabadyň senagat kärhanalaryna zeper ýetirdi. Bu kärhanada güýçli zyýan ýetgi ýetirdi. Tehnologiki enjamlaryň esasy korpusyna zyýan ýetirilip düýpli bejeriş işlerine mätäçdi. 1949-njy ýylyň aprel aýynda bu kärhananyň tehnologiki enjamlary doly dikeldilip ýola goýuldy.


     1961-1968-nji ýyllarda kärhanada täzeçe gurnamak işleri geçirildi. Soňky täzeçe gurnamak işleri 1982-1984-nji ýyllarda geçirildi.


     Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň maý aýynyň 25-däki kabul eden "Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda" 14246 belgili kararyň goşundysynyň 45-nji bendine laýyklykda Aşgabadyň Nah mata kombinatynyň kompressor binasyny gaýtadan enjamlaşdyrylmak we jorap önümçiligini ýola goýmak üçin Türkiýe döwletiniň "Ekol Ihracat Ithalat ve Ticaret Ltd. Şti." firmasy bilen 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 6-na № 1 belgili şertnama baglanşyldy we şol ýylyň awgust aýyndan önümçiliginiň gurluşyny başlanyp 2016-njy ýylyň fewral aýynyň 1-ne gurluşyk işleri we enjamlary ornaşdyrylmak işleri doly tamamlandy.


     Bu jorap önümçiliginde 35 iş orunlary açylyp 1 ýylda 2 million 500 müň jübüt jorap önümlerini harby we hukuk goraýjy edaralarynyň jorap önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak göz öňünde tutulýar.